Biz barada

1992-nji ýylda esaslandyrylan «Awtogüýç» hususy kärhanasy halkymyza ýeňil awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ähli görnüşlerini hödürleýär. Hususy kärhananyň dolandyryş merkezi onuň Mary şäherindäki dükanynyň ikinji gatynda ýerleşýär.   

Kärhananyň Hytaý Halk Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden hem-de Eýran Yslam Respublikasyndan getirýän ätiýaçlyk şaýlary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde müşderilere hödürlenilýär. Hususy kärhananyň Watanymyza getirýän önümleri onuň ýurdumyzdaky lomaý söwda nokatlarynyň bäşisinde, bölekleýin söwda nokatlarynyň bolsa ýedisinde ýerlenilýär.

«Awtogüýç» hususy kärhanasy ýeňil awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň 20 müňden gowrak görnüşini müşderilere hödürleýär. Karhananyň ätiýaçlyk şaýlaryny toplumlaýyn getirmegi onuň bu önümleri amatly bahalardan ildeşlerimize ýetirmegine mümkinçilik döredýär.

Watanymyzyň ak ýollaryndan uzaýan menzilleri «Awtogüýç» bilen külterläň! Çünki «Awtogüýç» hususy kärhanasy siziň iň ygtybarly hyzmatdaşyňyzdyr.

+15K
Ygtybarly Müşderiler
+30K
Awto Şaýlar
Hyzmatdaşlar
Salgylarymyz

Daşoguz welaýaty, Köneürgenç şäheri, Ürgenç şaýoly Tel: 62130158, El.poçta: awtoguycdz@gmail.com

Daşoguz şäheri, Mýasokombinat (Мясокомбинат) Tel: 63779408, El.poçta: awtoguycdz@gmail.com

Daşoguz şäheri, Görogly köçesi Tel: 64272755, El.poçta: awtoguycdz@gmail.com

Türkmenabat şäheri, Izmir köçesi Tel: 63970059, El.poçta: awtoguyclb@gmail.com

Aşgabat şäheri, Sewernyy (Северный) köçesi, karantin, dükan 28/29 Tel: 64639357, El.poçta: awtoguycag@gmail.com

Mary şäheri, Ýeňşiň 50 ýyllygy köçesi Tel: 64635453, El.poçta: awtoguyc@gmail.com

Mary welayaty, Wekilbazar etraby, Akgoňur geňeşligi Tel: 64655128, El.poçta: awtoguyc@gmail.com

Balkanabat şäheri, 213 kwartal Tel: 63247637, El.poçta: awtoguycdz@gmail.com

Biziň bilen habarlaşyň

E-maildan hat ýollaň

Adyňyzy giriziň

E-mailiňizi giriziň

Hatyňyzy giriziň